JEMGYÝET

Türkmenistanda wodorod energetikasy ösdüriler

Şu gün hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisde Türkmenistanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde öňe süren pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça halkara ýol kartasyny düzmek baradaky teklipleri energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde örän ähmiýetlidir.

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi netijesinde, geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer, diýlip garaşylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda wodorod energetikasy boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin ýol kartasynyň taslamasy işlenip düzüldi.

  • Resminama wodorod energiýasy baýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we pugtalandyrmak hem-de ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny öz içine alýar.
  • Bu ugurda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek babatda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýol kartasynyň taslamasy hem-de onda beýan edilen teklipleriň birnäçesi hödürlendi.
  • Hususan-da munuň özi Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmesi boýunça halkara agentligi, Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentligi we beýleki halkara düzümler bilen geljekde-de hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek we işleriň çäklerinde Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmesi boýunça halkara agentliginiň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmak mümkinçiliklerini öwrenmek teklipleri bilen baglanyşyklydyr.
  • Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly işleri durmuşa geçirmek, hususan-da Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça milli strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de bu işe halkara bilermenleri çekmek teklip edilýär.
  • Ýurdumyzda wodorod energetikasy pudagyny döretmek we ösdürmek maksady bilen ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we bu ugurda halkara ylmy hyzmatdaşygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar.
  • Bu babatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetinde wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek teklip edilýär.
  • Energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we ony daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen bagly işleri geçirmek zerur bolup durýar.
  • Şu maksat bilen Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.
  • Mundan başga-da bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak babatynda Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Koreý Respublikasy, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň degişli edaralary bilen geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar.

USAID: Merkezi Aziýada söwda taslamasyny tamamlady

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi