Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhanasynda Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasy geçirildi.
Multimodal gatnawlary ösdürmekde köpugurly sanly çözgüt bolup durýan Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama (Global Transit Document) Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Halkara ulag diplomatiýasy merkezi, GDA-nyň agza ýurtlarynyň Ýolçularynyň hökümetara geňeşi, dünýäniň iri maglumat tehnologiýalaryny işläp düzüjileri, şeýle-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ulanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen oňyn hyzmatdaşlygynyň netijesidir.
Halkara üstaşyr ýük daşamalaryny has ýeňilleşdirmäge gönükdirilen ýeke-täk multimodal resminamany işläp taýýarlamak maksady bilen, ozal iş topary döredilipdi. Onuň düzümine TRACECA agza ýurtlaryň döwlet we gümrük edaralarynyň, synçylaryň — TRACECA maksatnamasyny ulanyjy hökmünde Türkmenistanyň hem-de onuň hyzmatdaşy bolan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň wekilleri girdiler.
2020-nji ýyldan bäri Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň konsepsiýasynyň üstünde gaýtadan işlemek we onuň jemleýji görnüşini taýýarlamak boýunça depginli işler alnyp baryldy. 2022-nji ýyldan bolsa synag ýük daşamalaryny taýýarlamagyň üstünde bilelikde işlemäge başlanyldy.
Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asawbaýew taslama badalga bermegiň dabarasyna gatnaşyjylaryň öňünde göni sanly ulgam arkaly çykyş edip, bu günki wakanyň ähmiýetini aýratyn nygtady hem-de Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamany ornaşdyrmagyň Aşgabat prosesiniň çäklerinde ýükleri ibermegiň dünýä derejesindäki halkasyny sanlylaşdyrmaga wajyp goşant boljakdygyny belledi. Başgaça aýdylanda, halkara ulag geçelgesiniň sanly maksatnamasyny durmuşa geçirmek ulaglaryň dürli görnüşlerini birleşdirýän sebitleýin sanly ulgamy döretmäge mümkinçilik berer. Munuň özi TRACECA agza ýurtlaryň köpüsiniň, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa döwletleriniň deňze çykalgasynyň ýokdugy göz öňünde tutulanda aýratyn wajypdyr.
Bellenilişi ýaly, TRACECA halkara şertnamalaryň kadalaryna we düzgünlerine uýgunlaşmagy üpjün etmegiň üstünde işjeň iş alyp barýar. Şeýle-de pandemiýadan soňky döwürde durnukly derejede täzeden dikeltmek üçin serhetden geçmegiň, söwdanyň hem-de üstaşyr geçmegiň amallaryny has ýönekeýleşdirmäge, sanlylaşdyrmaga gönükdirilen öz başlangyçlaryny öňe sürýär.
Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminamanyň taslamasyna badalga bermek dabarasyna Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary I.Runow, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy B.Karimow hem-de sebitiň ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.