BIZNES

Türkmenistanda tebigy gazyň eksporty artýar

«Türkmengaz» döwlet konserni uglewodorod çig malyny çykarmagyň depginini artdyrýar. Şu ýylyň dört aýynda ýer astyndan tebigy we ugurdaş gazyň 29 milliard kubmetre golaýy, ýagny geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 4 milliard kubmetrden gowragy çykaryldy. Ösüş depgini 116,2 göterime deň boldy.

«Mawy ýangyjyň» eksporty 24 göterim ýokarlanyp, 14,6 milliard kubmetr artdy. Bu görkezijileriň soňky bäş ýylyň içinde ýokary görkezijiler bolandygyny bellemek gerek. Bu barada “ussatnews.com” neşirinde bellenilip geçilýär.

Uly möçberli maýa goýumlary nebitgaz toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman tehnikalaryny we enjamlaryny satyn almak üçin bölünip berilýär. Ýylyň başyndan bäri bu maksatlar üçin 1,7 milliard manada golaý serişde gönükdirildi.

  • Geçen dört aýyň dowamynda Türkmenistanda nebitiň we gaz kondensatynyň 3 million tonna golaýynyň çykaryldy.
  • Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda dürli kysymly benzinleriň 630 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 540 müň tonna golaýy, polipropileniň 27 müň tonnasy, çalgy ýaglarynyň 20 müň tonnadan gowragy öndürildi.
  • Suwuklandyrylan gazyň öndürilen möçberi ýurdumyz boýunça 63 müň tonnadan gowrak boldy.

 

Birža täzelikleri: Hindistan bilen Pakistan dokma önümleri satyn aldylar

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF) we sergisi

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirilýär

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty «deňiz derwezesi» ornuny berkidýär

Maliýe pudagyndaky türkmen-pakistan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy