BILIM

Türkmenistanda täze bakalawr ugurlary açyldy

Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýänlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 12-nji iýul — 27-nji awgust günlerinde guramak tabşyryldy.

12 ýokary okuw mekdebiniň okuw meýilnamasy jemi 32 hünär bilen dolduryldy, olaryň 28-si bakalawr ulgamyna laýyklykda taýýarlanar. Beýleki dört ugur üçin – hünärmen maksatnamasy boýunça amala aşyrylar. Bu babatda resmi metbugatda habar berilýär.

Käbir uniwersitetlerde bakalawrlary taýýarlamak ilkinji gezek ýola goýlar.

Bakalawr derejesi tamamlanan ýokary bilim hasaplanýar we Bolonýa ýokary hünär bilim ulgamynyň başlangyç tapgyrydyr. Bakalawr derejesi hem işlemäge, hem-de okuwyňy dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

Mundan başga-da, 2021 – 2022-nji okuw ýylyndan başlap, Türkmenistanyň 7 uniwersitetiniň esasynda magistr maksatnamasynyň hünärleriniň sany köpeldi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, täze 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, ýokary hünärli hünärmenleri (bakalawr we magistr derejeleri) taýýarlamak üçin iki basgançakly ulgamyna geçildi.

Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty bolup, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 2021/2022-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň tertibini ilkinji hatarynda okyjylar köpçüligine ýetirdik.

Bu ugurdaky makalalar toplumumyz yzygiderli çap edilip dur. Ähli ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini aýry-aýrylykda okyjylara ýetirip, soňra olary ählisini bir ýerde jemläp hem dalaşgärleirň dykgatyna ýetirdik.

Munuň üçin saýtymyzda ýörite ” Talyp 2021″ bölümini açdyk we şol ýerden ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň 2021/2022-nji okuw ýyly üçin kabul edişligiň tertibi bilen tanyşmagy dowam etdirip bilersiňiz.

Talyplyga dalaşgärleriň iň köp gözleýän jogaplary

 

Magistr 2021:Ýokary bilimliler üçin maksatnamalar

 

Welaýatlarda resminamalar haýsy mekdeplerde kabul edilýär?

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy magistr bilim maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk eder

Koreýanyñ ilçihanasy talyp hakly magistrlik we doktorlyk maksatnamalaryna kabul edilşik barada yglan etdi

Türkmenistanda Germaniýadaky işewürlik-okuwlaryna dalaşgärleri saýlap alyş yglan edildi

Türkmenistanyň hususy pudagynyň ilkinji ýokary okuw mekdebi gurulýar

Türkmen ýaşlaryna Koreýa Respublikasynda talyp haky mümkinçiligi döredilýär