Şu ýylyň 23 — 28-nji ýanwary aralygynda «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäginde yglan edilen bäsleşikde ýeňiji bolan taslamany — Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini öwrenmek boýunça ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherindäki Ž.Pol Getti muzeýiniň wekilleri Türkmenistanda iş saparynda boldular.
Saparyň maksady Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmenleri bilen alnyp baryljak işler boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan, bu ugurda tejribe alyşmakdan hem-de talyplar üçin umumy sapaklary geçirmekden ybarat boldy. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň çäklerinde 2021-nji ýyl üçin yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek boýunça hödürlän taslamasy ýeňiji hökmünde saýlanyldy.
ABŞ-ly hünärmenleriň şol maksatnamanyň çäginde guralan ilkinji iş sapary bolsa Merwden tapylan, V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek üçin ony 3D görnüşde surata düşürmek hem-de beýleki enjamlar arkaly doly öwrenmek işlerine badalga berdi.
BUDDANYŇ HEÝKELI BARADA…
Buddanyň heýkeliniň kelle bölegi Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhynda täsin ylmy we taryhy tapyndy bolup durýar. Merwden tapylan Budda heýkeli çig palçykdan ýasalandyr. Ýadygärligi öwrenmek işleri 1960 — 1978-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan geçirilýär we ony arheolog-doktorlar Gennadiý Koşelenko hem-de Zamira Usmanowa ýerine ýetirýär. Çig toýundan gež garyndysy goşulyp ýasalan Buddanyň heýkeliniň kellesiniň bölekleriniň käbiri saklanyp galypdyr. Gežden edilen heýkeliň ýukajyk toýun gatlagynyň üsti hasa bilen örtülip berkidilipdir.
Onda boýag gatlagynyň galyndylary hem bar. Heýkeliň kellesiniň beýikligi 75 santimetr bolup, onuň ölçegini nazarda tutmak bilen, arheologlar heýkeliň beýikligini kesgitläpdirler. Eger ol dik duran Buddanyň keşbini beýan edýän bolsa, onuň uzynlygy 3 — 5 metr, meditasiýa görnüşinde oturan bolsa 2,5 metre deň bolardy. Buddanyň ýüzi giçki gandhar mekdebiniň däplerine laýyklykda ýerine ýetirilipdir. Bişirilmedik toýundan ýasalandygy üçin Buddanyň heýkeliniň kellesiniň tiz zaýalanmagy ähtimaldy. Şol sebäpli-de onuň zaýalanmagynyň öňüni almak muzeý hünärmenleri üçin möhüm wezipe bolup durýar. Şeýle bolansoň, bu gymmatlygy rejelemek we zaýalanmagynyň öňüni almak maksady bilen, ol Döwlet muzeýi tarapyndan «Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçiniň gaznasy» atly maksatnamanyň bäsleşigine hödürlenildi.