BIZNES

Türkmenistanda “Şir ýag” ýaglarynyň täze kärhanasy açyldy

Dänew etrabynyň Aşgabat geňeşliginiň çäginde «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň «Şir ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglary kärhanasynyň öz işine başlamagy mynasybetli guralan dabara ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu wakanyň hormatly Prezidentimiziň gündogar sebite amala aşyran saparyna gabat gelmegi täze önümçilik düzüminiň işçi-hünärmenlerinde uly buýsanç döretdi.

Häzirki wagtda täze kärhanada awtoulaglar, senagat we oba hojalyk tehnikalary üçin niýetlenilen mineral we sintetiki ýaglaryň 25 görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Geljekde bu görkeziji iki essä çenli köpeldiler. Tehniki ähmiýetli bu önümler bir, bäş, ýigrimi litr ölçegdäki plastik gaplara gaplanylyp, «Şir ýag» haryt nyşany bilen alyjylara hödürlenilýär. Oňaýlydan gelşikli bu plastik gaplaryň hem kärhanadaky ýörite bölümde taýýarlanylmagy önümçilik işiniň ýokary derejede ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Ýylda mineral we sintetiki ýaglaryň 20 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenilen düzümde işçi-hünärmenleriň ýüzlerçesiniň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly iş şertleri döredilipdir.

ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Ýewropa döwletleriniň meşhur kompaniýalarynyň tehnologiýalaryndan peýdalanyp, ýylyň ähli pasly üçin niýetlenen çalgy ýaglary öndürip başlandy.

Täze zawodda her gün 80, her ýylda 20 müň tonna çalgy ýagyny öndürmek meýilleşdirilýär. Öndürilen ýaglar 1, 5, 20 litrlik plastiki gaplara we 200 litrlik demir çeleklere gaplanylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder