Türkmenistanda Şengen wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär: çylşyrymly tehniki işler sebäpli wizalary gaýtadan işleýän maglumat ulgamy anna güni 13-nji fewraldan sişenbe güni 17-nji fewrala çenli elýeterli bolmaýar. Bu barada Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.
Ulgam çarşenbe güni 18-nji fewraldan başlap ýene-de kadaly ýagdaýda işlär. Ulgamyň işlemeýän döwürlerinde öňünden bellenen duşuşygy bolan ýüz tutujylar täze duşuşyk senesini ylalaşmak üçin işgärler
tarapyndan habarlaşylar.
