BILIM

Türkmenistanda sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçiriler

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary hem-de ylmy maslahaty geçirmek babatda görülýän çäreler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Şeýlelikde,

  • şu ýylyň 19-njy aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny;
  • 19-njy maýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy dersi boýunça halkara açyk internet olimpiadasyny;
  • 1 — 5-nji iýun aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly ylmy-taslama bäsleşigini;
  • 6-njy iýunda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym we bilim XXI asyrda” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Çärelere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Hindistanyň, Belarus Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň hem-de beýleki onlarça döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy merkezleriniň wekilleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary