BIZNES

Türkmenistanda pagta meýilnamasy ýerine ýetirildi

Ýurdumyzyň edermen pagtaçylary “ak altyn” taýýarlamak babatdaky şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirdiler. Bu baradaky hoş habar hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bellenilip geçildi.

Şeýle hem hasabatda bellenilişi ýaly, gowaçanyň galan hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirilýär.

Şu ýyl ýurdumyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy. Geljek ýylyň hasyly üçin 690 müň gektara däne ekildi.

Mundan başga-da Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda ählihalk bag ekmek dabarasyna hem-de däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta taýýarlamak babatda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ýurdumyzyň merdana “ak altyn” ussatlaryny gutlady. Şeýle hem milli Liderimiz zähmetde tapawutlanyp, ýokary netijeler gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak baradaky Permana gol çekdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň oba hojalygyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna ertir Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasyny geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly halkara sergi geçiriler