BIZNES

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy we Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi. Bu iri çäreler Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binalar toplumynda geçirildi.

Onda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy we Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Açylyş dabarasyndan soňra oňa gatnaşyjylar serginiň bölümlerine aýlanyp gördüler. Sergide özbek kompaniýalarynyň onlarçasynyň öndüren önümleri hödürlenilýär.

Özbegistanyň söwda-senagat edarasynyň başlygynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Reşad Rasulow Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň we Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisiniň açylyş dabarasynda iki halkyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň has ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

― Eger geçen ýylyň dowamynda biziň özara söwda gatnaşyklarymyzyň möçberi 1 milliard amerikan dollaryndan hem geçen bolsa, üstümizdäki ýylda bu möçberi has ýokarlandyrmaga mümkinçiligimiz bar ― diýip, ol öz çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem myhman şu ýylyň tomsunda Daşkent şäherinde geçirilen «Türkmenistanda öndürildi» atly serginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde örän uly ähmiýete eýe bolandygyny nygtady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy