BIZNES

Türkmenistanda öndürilýän önümler «TIBCO-2024» sergisinde görkezilýär

16-19-njy maý aralygynda Rumyniýanyň paýtagty Buharestde geçirilýän «TIBCO ─ 2024» halkara sergisine Türkmenistan öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşýar. Oňa ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň sergi diwarlyklary ýerleşen bölümde ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, dokma, nebitgaz, oba hojalyk, himiýa we beýleki pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrylýar. Sergi bölüminde ýurdumyzyň hususy düzüminiň wekilleriniň öndürýän harytlaryna, haly we dokma önümlerine hem giň orun berlipdir. Sergi diwarlyklarynda görkezilýän milli önümlerimiz myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Buharest şäherinde geçirilýän bu halkara gözden geçirilişe özüniň sergi ekspozisiýasy bilen gatnaşmagy Watanymyzda öndürilýän harytlar bilen daşary ýurtly sarp edijileri tanyşdyrmaga, täze söwda we maýa goýum hyzmatdaşlary ýüze çykarmaga, olar bilen netijeli özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge şertleri döredýär.

«TIBCO ─ 2024» ─ Rumyniýanyň «ROMEXPO S.A .» kompaniýasy tarapyndan her ýylda guralýan iň iri sarp ediş harytlarynyň sergisidir. Oňa dünýäniň 15-e golaý ýurdundan kompaniýalar gatnaşýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy