MEDENIÝET

Türkmenistanda oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa oktýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Ýaşulularyň halkara güni, Hatyra güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dürli çärelerdir dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem oktýabr aýynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleri wagyz etmek maksady bilen, dürli maslahatlaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramlar bilen bagly oktýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyny nygtady we ulanmaga beriljek medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmek, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy