MEDENIÝET

Türkmenistanda Molla Ependi hakda film ýaýlyma çykarylar

«Ependi» çeper filmi 2024-nji ýylyň maý aýynda ýaýlyma çykar. Häzirki wagtda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan bu babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Gündogar degişmeleriniň we gülkünç hekaýatlaryň baş gahrymany baradaky film komediýa däl-de, terjimehal görnüşinde düşürildi.

“Dilden-dile geçýän şeýle ýönekeý hekaýatlardanam Ependi barada täze rowaýatlar döräp, dünýä ýaýrapdyr. Şol döwre kybaplygy we myhmansöýer Gündogaryň hoşamaý ruhuny görkezmek üçin surata düşüriji topar Mary, Daşoguz we Lebap welaýatlaryny saýlady. Şeýle hem film Bäherdende hem düşürildi” diýip, habaryň çeşmesinde bellenilýär.

Filmiň režissýory Myrat Orazow ýurdumyzda meşhur teatr we kino aktýorlaryny surata düşmäge çagyrypdyr. Olaryň arasynda Türkmenistanyň halk artistleri – Çary Seýitliýew, Öwez Gelenow we beýlekiler bar. Baş keşbi – Molla Ependiniň keşbini asyl käri aktýor bolmadyk Kemal Orazow ýerine ýetirdi. Onuň özboluşlylygy Ependiniň keşbiniň hakykata golaý we ynandyryjylykly çykmagy üçin amatlydy.

2022-nji ýylda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Özbegistandan «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň bermek däbi» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy