JEMGYÝET

Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär

Türkmen halky Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygyny alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Nesilden-nesle geçip gelýän bu däp-dessurlarymyz häzirki wagtda täze mazmuna eýe bolýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň we medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat ynsanperwer gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydyr. Baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny we abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga hem-de döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde Nowruz baýramynyň halkara derejesinde bellenilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Bu baradaky degişli Kararnamanyň 2010-njy ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek.

Nowruz – türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatsöýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk, mähriban Watanymyza bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär. Bu asylly ýörelgeleri şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy öz şahyrana döredijiliginde wasp edipdir.

Ýene-de okaň

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri

«Jahan» döredijilik merkezi «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrylar

Hytaýyň tejribeli lukmanlary Türkmenistana sapar bilen geler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti tebigy gazyň eksport möçberini artdyrmagy tabşyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen döwlet maliýe institutyna täze rektor bellendi

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna täze rektor bellendi