BIZNES

Türkmenistanda liftleriň önümçiligi ýola goýlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegi ýola goýmak barada ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gözegçilik edýän ulgamlary, hususan-da, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap edara-kärhanalaryň sanynyň has-da artýandygy bilen baglylykda, liftlere zerurlygyň köpelýändigini göz öňünde tutup, olaryň önümçiligini ýola goýmak, bar bolan liftlerde abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan bilelikdäki kärhanany döretmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.

Ministrlik tarapyndan bu ugurda geçirilen işleriň netijesinde, bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça teklipler alyndy we häzirki wagtda olaryň tehniki häsiýetnamalaryna seljeriş işleri geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda dürli görnüşli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen, şol sanda bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmagy dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz liftleriň önümçiligini ýola goýmagyň hem-de olarda degişli abatlaýyş-bejeriş işlerini amala aşyrýan ýörite kärhananyň döredilmeginiň möhümdigini aýtdy we degişli teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy