“Türkmenistanyň karz edaralarynyň müşderileriniň “Karz taryhy” merkezleşdirilen maglumat binýadyny dolandyrmagyň we ony ulanmagyň Düzgünnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygynyň 2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde çykaran 132-iş belgili Buýrugy neşirdi. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň web saýtynda neşir edilen Düzgünnama görä, Karz taryhy – şu Düzgünnamada kesgitlenilen we müşderi tarapyndan karz şertnamasy boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegi bilen häsiýetlendirilýän we karz taryhynyň býurosynda saklanylýan maglumatlar bolup durýar.
Düzgünnamanyň maksatlary bolsa karz taryhlary döretmek we karz taryhynyň býurosynyň müşderileriniň karz şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny wagtynda ýerine ýetirmekligini, karz töwekgelçiligini umumy peseltmekligiň hasabyna kreditorlaryň we müşderileriniň goraglylygyny hem-de karz edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaklygy häsiýetlendirýän maglumatlary toplamak, saklamak we mundan beýläk-de kämilleşdirmek üçin şertleri kesgitlemek bolup durýar.
Fiziki şahsyň Karz taryhy
Karz taryhynyň subýekti bolan fiziki şahsyň, şol sanda ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň – hususy telekeçileriň (mundan beýläk – hususy telekeçi) karz taryhy şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) müşderiniň görnüşi, raýatyň pasport maglumatlary ýa-da onuň şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamalary;
2) familiýasy, ady, atasynyň ady, öý salgysy, işleýän ýeri, wezipesi, telefon belgisi we dahyllylygy;
3) karzyň görnüşi, maksady, üpjünçiligi we çeşmesi;
4) karz şertnamasyna laýyklykda esasy bergini we göterimleri tölemekligiň möhletini görkezmek;
5) karz şertnamasyna laýyklykda karzyň möçberi, pul birligi we göterim derejesi;
6) karzyň möhleti, berlen we gaýtarylmaly seneleri;
7) müşderiniň karz şertnamasynyň belgisi we baglaşylan senesi;
8) hususy telekeçiniň şahsy salgyt belgisi we hasaplaşyk hasaby;
9) hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda maglumatlar;
10) zamunlar, girewler, goşmaça ylalaşyklar, karzyň topary, karzyň hakyky berlen möçberi, karz hasaplary we tölegleri.
Ýuridiki şahsyň karz taryhy
Karz taryhynyň subýekti bolan ýuridik şahsyň karz taryhy şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) müşderiniň görnüşi, ýuridik şahsyň ady, salgyt belgisi we hasaplaşyk hasaby;
2) guramaçylyk hukuk görnüşi, pudagyň indeksi, döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda maglumatlar;
3) ýuridik şahsyň (ýerleşýän ýeriniň) salgysy, telefon belgisi we dahyllylygy;
4) karzyň görnüşi, maksady, üpjünçiligi we çeşmesi;
5) karz şertnamasyna laýyklykda esasy bergini we göterimleri tölemekligiň möhleti;
6) karz şertnamasyna laýyklykda karzyň möçberi, pul birligi we göterim derejesi;
7) karzyň möhleti, berlen we gaýtarylmaly seneleri;
8) müşderiniň karz şertnamasynyň belgisi we baglaşylan senesi;
9) zamunlar, girewler, goşmaça ylalaşyklar, karzyň topary, karzyň hakyky berlen möçberi, karz hasaplary we tölegleri.