BILIM

Türkmenistanda internet žurnalistikasy öwrediler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasat ugruny amala aşyrmak boýunça geçen, 2020-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli düzümleriň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektorlary J.Gurbangeldiýewe hem-de E.Aýdogdyýewe ýüzlenip, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň ýokary hünär derejeli bolmagynyň we zehinli ýaş diplomatlary taýýarlamagyň şu ýokary okuw mekdepleriniň baş maksatlarynyň biri bolmalydygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde täze hünär ugurlaryny açmagyň ýagdaýyny seljermegi, hususan-da, geljekde dürli sebitler, şol sanda Gündogary öwreniş, Amerika we Ýewropa ýurtlary, sanly diplomatiýa, kiberhowpsuzlyk, seljeriş we strategik meýilleşdiriş boýunça ýöriteleşen hünärmenleri taýýarlamagyň mümkinçiligini öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdeplerinde internet žurnalistikasy we syýasy kommunikasiýa boýunça täze sapaklary girizmegi, beýleki zerur bolan täze hünärleri açmak boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Halkara hukuk boýunça bilim alýan talyplar üçin halkara ykdysady gatnaşyklaryň meselelerini çözmek we halkara arbitraž ugry boýunça täze sapaklary we amaly okuwlary girizmek mümkinçiligine seretmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Ýapon dili boýunça okuw sapagy geçirildi

Ýapon dilinde suhangöýlük sungaty boýunça XVIII bäsleşik geçirildi

Türkmen diplomaty rumyn uniwersiteti bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýda talyp hakly okamak mümkinçiligi

Eýranly professorlar tarapyndan geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi

Türkmenistan we Beýik Britaniýa bilim ulgamyndaky amaly hyzmatdaşlygy giňeldýärler