BIZNES

Türkmenistanda ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýasy gurlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň «Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.» kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlygy 10MWt köpugurly gün we ýel elektrik bekedini gurmak babatda şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, bu bekediň gurluşygyna 20222-nji ýylyň iýulynda başlap, 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly edip tabşyrmak bellenildi.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda, has takygy, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda gurulýan täze, döwrebap obanyň elektrik üpjünçiligi üçin kuwwatlylygy 10 megawat bolan Gün we ýel elektrik stansiýasy gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek babatda örän möhümdir.

 

Jebelde halkara howa menzili gurlar

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy