BIZNES

Türkmenistanda hususy pudagyň ykdysadyýetdäki paýy 72,8%-e ýetdi

2024-nji ýylyň netijelerine görä, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýy 72,8%-e ýetdi. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 1,5 göterim ýokarydyr. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşiýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndageçirilen Türkmenistan Maýa goýum forumynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, hususy pudagyň paýynyň artmagy hususy işewürligiň maýa goýum taslamalaryna gatnaşygynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.

Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk (DHH) maýa goýumlaryny çekmegiň we döwlet bilen işewür gurluşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm mehanizmleriniň biri hökmünde görkezildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hususy pudak ykdysady we durmuş meseleleri çözmekde, pudaklary ösdürmekde we bazary dürli harytlar bilen üpjün etmekde ýokary netijelilik görkezýär.

Aýratyn hem hususy başlangyçlar täze senagat we oba hojalyk önümçilikleriniň döredilmegine ýardam berýär, şeýle-de iş orunlarynyň döredilmegi arkaly sosial ugra oňyn täsir edýär.

Awazada geçirilen maýa goýum forumy döwlet we hususy pudagyň wekillerini jemläp, Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmekde we hususy maýa goýumlaryny höweslendirmekde ileri tutýan ugruny görkezýär.

Ýene-de okaň

“EKSPO-2027”: “Türkmenistan-parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar bilen gatnaşar

2026-njy ýylda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy