Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly geçiriljek halkara ders bäsleşiklerine görülýän toplumlaýyn taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda, 2020-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda”, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de 5-6-njy dekabrda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda II açyk halkara fizika internet olimpiadasyny guramak göz öňünde tutulýar. Geçiriljek çärelere ýurdumyzyň we Russiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de beýleki onlarça döwletiň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara olimpiadalarda ýeňiji bolanlar dürli derejeli diplomlar bilen sylaglanylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bilim ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunda bu ulgamda innowasion usullary ulanmagyň, işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň örän wajypdygy nygtaldy.