JEMGYÝET

Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi

Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa olara 12-nji iýunda goşularlar.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna we Balkan welaýatynda 80 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2020-nji ýylyň galla oragy möwsüminde «СLAAS», «John Deere», «Сase», «New Holland» ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müň 220 sanysy işlediler. Işler iki çalşykda gije-gündiz alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Ýygnalan hasyly 156 sany kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň 11 müňden gowragy işlediler. Tabşyrylan hasyl üçin gallaçylar bilen öz wagtynda hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyna edilen hüjümi ýazgardy

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi