Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde innowasion tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply elektron enjamlaryň ençemesi öndürilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedowyň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda bellenilip geçilýär.
Umuman, awtomobil ýollaryny yşyklandyryjy çyralaryň önümçiligi, çagalar üçin öwrediji kompýuterleriň, dürli görnüşli noutbuklaryň, dürli ölçegli «Zemin», «Tolkun» we «Älem» smart-telewizorlarynyň, «Körpe» düwmeli telefonlarynyň, «Milli» smartfon telefonlarynyň, «Şowly» nyşanly monobloklaryň, «Mylaýym» brendli hojalyk howa sowadyjylarynyň, «Teşne» suw ulgamynyň, «Uçgun» internet toruny paýlaýjylaryň, «Aýtab» nyşanly planşetleriň önümçiligi ýola goýuldy.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde dürli görnüşli plastik kartlary öndürmek boýunça hem degişli işler geçirildi. Häzirki wagtda bu hojalyk jemgyýetinde dürli maksatly plastik kartlar, şol sanda nagt däl hasaplaşyklar üçin niýetlenen bank kartlary, ygtyýar beriş kartlary, şahsyýeti anyklaýjy kartlar, sürüjilik şahadatnama kartlary, SIM-kartlar, awtobus töleg kartlary öndürilip başlandy.
Şeýle hem alýuminden torşer çyralarynyň we sütünleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Bulardan başga-da, häzirki wagtda «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetinde dürli görnüşli LED ýol yşyklandyryjylarynyň we ýol belgileriniň önümçiligini gurnamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan şu ýyl «Bilimli» nyşanly kompýuterleriň 76 müňden gowragy öndürildi
