BIZNES

Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 41-si hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi döwlet emlägine degişli 41 desgany satmak boýunça bäsleşikli söwda yglan etdi.

Hususylaşdyrmaga degişli döwlet emläginiň sanawy “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde sişenbe güni çap edildi. Bäsleşikli söwda 2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda döwlet emläginiň sanly söwda platformasynda onuň mobil goşundylaryny ulanmak arkaly geçiriler.

Bäsleşikli söwda çykaryljak iri desgalaryň  hatarynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Berzen geňeşliginiň Hendekli obasynda ýerleşýän, meýdany 3 müň 967 inedördül metr bolan kerpiç zawody, Lebap welaýatyndaky “Döwrebap” söwda-dynç alyş merkezi (meýdany 8 800 in.metr) we iki gatly bina, şeýle hem Daşoguz welaýatyndaky turba zawody (6 400 in.metr) bar.

Bäsleşikli söwda hyzmatlar ulgamynyň desgalary, şol sanda dükanlar, kafeler, naharhanalar, edara ediş desgalary we önümçilik kärhanalary hem çykarylar.

Bäsleşikli söwda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň raýatlary hem-de Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylly bolmadyk ýuridiki şahslary göz öňüne tutulan kanunçylyk tertibine laýyklykda gatnaşyp bilerler.

Bäsleşikli söwda gatnaşmagyň tertibi barada maslahatlar we hususylaşdyrylýan desgalar barada goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we bu ministrligiň welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki ugurdaş bölümleri tarapyndan berilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler