TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanda doglan kosmonawta ýokary sylag

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan instruktor-kosmonawt-synagçy, Ýu.A.Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýan ylmy-barlag we synag merkeziniň kosmonawtlar toparynyň komandiri Oleg Kononenko “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” ordeniniň II derejesi bilen sylaglandy. Bu barada Rus lideriniň kararyndan bellenilip geçilýär.

Bu resminamada: “Kosmonawtikanyň ösmegine goşan goşandy, kosmos giňişligini öwrenmekde görkezen batyrgaýlygy we ýokary hünär ussatlygy üçin Oleg Dmitriýewiç Kononenkony “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin ordeniniň II derejesi bilen sylaglamaly” diýlip, bellenilip geçilipdir.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde (ozalky ady Çärjew) dünýä inýär. Harkow awiasiýa institutyny tamamlaýar. Şondan soňra kosmonawtika ugrunda işleýär.

Halkara kosmos bekedine özüniň ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylda amala aşyryp, şonda açyk kosmosa çykýar. 2009-njy ýylda Russiýanyň Gahrymany “Altyn ýyldyz” medaly, 2014-nji ýylda “Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeniň 4-nji derejesi hem-de 2011-nji ýylda “Kosmosy özleşdirmek babatda bitiren hyzmatlary üçin” diýen medal bilen sylaglanýar.

Oleg Kononenko 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen belent at dakylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Ýaponiýada howasyz ulag tekerleriniň synaglary başlady

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar