MEDENIÝET

Türkmenistanda Buddanyň heýkelini öwrenmek işi dowam etdirilýär

J. Pol Getti muzeýiniň hünärmenleri Gadymy Merwde tapylan 5-nji asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek üçin boýunça işlerini dowam etdirmek üçin Türkmenistana dolandylar.

Bu taslama Türkmenistanyň Döwlet muzeýi bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlyp, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň alyp barýan “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) tarapyndan goldanylýar.

Mälim bolşy ýaly, ABŞ-ly hünärmenleriň bu maksatnamanyň çäginde geçen ýyl amala aşyran ilkinji iş saparynda Merwden tapylan, V asyra degişli bolan Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak we dikeltmek üçin ony 3D görnüşde surata düşürmek hem-de beýleki enjamlar arkaly doly öwrenmek işlerine badalga beripdi.

Buddanyň heýkeliniň kelle bölegi Türkmenistanyň heýkeltaraşlyk sungatynyň taryhynda täsin ylmy we taryhy tapyndy bolup durýar. Merwden tapylan Budda heýkeli çig palçykdan ýasalandyr. Ýadygärligi öwrenmek işleri 1960 — 1978-nji ýyllarda akademik Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasy tarapyndan geçirilýär we ony arheolog-doktorlar Gennadiý Koşelenko hem-de Zamira Usmanowa ýerine ýetirýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri