JEMGYÝET

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalar bellener

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow gözegçilik edýän düzümleriniň alyp barýan işleri, durmuş üpjünçiligi ulgamynda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň ýurdumyzyň amala aşyrýan durmuş syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary