JEMGYÝET

Türkmenistanda 80 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde durýan wezipeler, ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meseleler girizildi.

Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 4,3 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterime, söwdada 12,8 göterime, oba hojalygynda 4,4 göterime, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterime deň boldy. 2023-nji ýylda, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy. 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýylda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,9 göterim artdy.

Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan geçen ýylda meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, 2023-nji ýylyň netijeleri boýunça senagat ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 80 milliard 618,7 million kub metr tebigy gaz, 8 million 316,7 müň tonna nebit çykaryldy.

2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň öndürilişi 30,1 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça 1,1 göterim, kerosin boýunça 0,6 göterim, aýna listi boýunça 15,6 göterim, sement boýunça 0,8 göterim, çig ýüpek boýunça 17,1 göterim, tikinçilik we örme önümler boýunça 8,9 göterim, şöhlat önümleri boýunça 7,7 göterim, süýt önümleri boýunça 1,7 göterim, gaplanan miweler we gök önümler boýunça 5,5 göterim, mesge ýagy boýunça 6,8 göterim ösüş gazanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary