BIZNES

Türkmenistanda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine badalga berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde bellenilip geçildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi. Häzir gallaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi ýetip geldi. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda 4-nji sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge ak pata berýändigini aýtdy we hormatly ýaşululardan bugdaý ekişini «Bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz zähmetsöýer gallaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder