JEMGYÝET

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek hem-de ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti 2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda çykaran 1718-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, resminama gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2026-njy ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.

Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, üstümizdäki ýylda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek çäreleriniň çäklerinde 3 million düýp nahalyň oturdylmagy meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralary yzygiderli geçirilip gelinýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi

Üsküdar uniwersiteti Türkmenistanyň sanawynda – amatly bahadan okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplaryna Italiýada talyp hakly okamak mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

2026-njy ýyl üçin: Türkmenistan tarapyndan diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler