MEDENIÝET

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda geçiriljek medeni çäreler

21-nji dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, brifingleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.

Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde tutulýan esasy çäreleriň hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň görkezilişlerini, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurtda geljek ýylyň ilkinji aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan goragçylarynyň güni bilen bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder