JEMGYÝET

Türkmenistanda 2025-nji ýylda geçiriljek halkara çäreler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Onuň işine Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet we jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana hem gol çekendigine mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi hem-de bu barada we forumyň netijeleri boýunça çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.

R.Meredowyň belleýşi ýaly, şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde häzirki döwürde ýurdumyzyň ösüşiniň dürli ugurlary bilen bagly strategik meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde seredilen meselelerden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisine, Ministrler Kabinetine, Daşary işler ministrligine, syýasy partiýalara we jemgyýetçilik guramalaryna Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralardyr çäreleri ýokary derejede, guramaçylykly geçirmek hem-de bu babatda döwlet guramaçylyk toparyny döretmek tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer geçiriljek çäreleriň we dabaralaryň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Meýilnamada  Bitaraplyk syýasaty, parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy berkitmek, dialog medeniýetini ösdürmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa meselelerine bagyşlanan dürli dabaralardyr çäreler öz beýanyny tapar.

Hususan-da,

  • 2025-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilen sepgitleriň netijeleri we dünýä syýasatynyň geljegi bilen bagly meselelere bagyşlanan halkara forumy,
  • parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara parlament dialogyny, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň dostlary toparynyň duşuşygyny,
  • dialogy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde zenanlaryň orny barada halkara maslahaty, parahatçylyk we ynanyşmak meseleleri boýunça ýaşlaryň halkara duşuşygyny,
  • 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda parahatçylyga, ynanyşmaga we Bitaraplyga bagyşlanan halkara maslahaty,
  • ylyň ikinji ýarymynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Ženewa parahatçylyk hepdeliginiň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli halkara çäreleri,
  • 2025-nji ýylyň dowamynda BMG-niň Wena şäherinde ýerleşýän halkara merkezinde dostluk dabarasyny geçirmek teklip edildi.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi