BIZNES

Türkmenistanda 2022-nji ýylda 32,6 milliard kWt sagat elektrik energiýasy öndürildi

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgaz pudagydyr. Gaz senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, gaz känleriniň senagat taýdan özleşdirilmegini dowam etdirmek maksady bilen, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gazyň eksport edilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär.

32 ýylyň dowamynda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 11,7 esse köpeldi. Ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynda-da uly möçberli işler amala aşyryldy.

Elektrik energiýasyny köp talap edýän senagat pudaklaryny we ilaty üpjün etmek, daşary ýurtlara eksport artdyrmak maksady bilen, döwlet elektrik stansiýalarynyň we elektrik ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak işleri alnyp barylýar.

2022-nji ýylda 32,6 milliard kWt sagat energiýasy öndürilip, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,2 esse ýokarlandy. Şol sanda eksportyň möçberi yzygiderli artýar.

Gurluşyk pudagy hem ýokary depginlerde ösýän pudaklaryň hataryna degişlidir. Senagat, durmuş-medeni maksatly desgalary, döwrebap, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.

Gurluşygyň işleriniň möçberiniň artmagy gurluşyk materiallary senagatynyň çalt depginde ösdürilmegini talap edýär. 2022-nji ýylda 2,9 million tonna sement öndürildi. Munuň özi 1991-nji ýyldakydan 3,2 esse köpdür.

Bu görkezijiler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowyň türkmen metbugatynda çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.

Ýene-de okaň

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler

Türkmenistanda tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek üçin infrastruktura taslamasy amala aşyrylar

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işi kämilleşdiriler