BIZNES

Türkmenistanda 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekiler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem-de başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnamak bilen bir hatarda, gowaçany mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we oňa ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanda 2022-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi. Resminama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 17 müň 900 gektara gant şugundyry ekmek we ondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Balkan welaýatynda 3 müň gektara gant şugundyryny ekilip, ondan 24 müň tonna hasyl alnar. Mary welaýatynda bolsa 14 müň 900 gektara gant şugundyry ekilip, ondan 200 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistan Bangladeşden üstün çykdy

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär