BIZNES

Türkmenistanda 1500 hususy firmalar senagat we himiýa önümçiligini edýär

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Bu barada «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahatynda çykyş eden TSTB-niň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Täçmyrat Gurdow belläp geçdi.

Häzirki wagtda TSTB 29 müňden gowrak telekeçileri we kärhanalary özünde jemläp, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda iş alyp barýar. Gurluşyk pudagy türkmen işewürleriniň esasy iş ugurlarynyň biridir.

Gurdowyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat we himiýa önümçiligi boýunça iş alyp barýan agzalarynyň umumy sany 1500-e golaýlady.

Olar dürli ölçegdäki plastik turbalary, torbalary, ýagly we howa filtrleri, dürli himiýa önümleirni, ýuwujy serişdeleri, arassaçylyk serişdelerini. nebitgaz pudagy üçin dürli himiýa önümlerini, tehniki kislorod, azot, mineral we sintetiki motor  ýagy, awtomobil akkumulýatoryny, çüýşe we çüýşe önümlerini, rezin önümlerini we beýlekileri öndürýärler.

Döwlet tarapyndan hususy pudaga ýerli we sebit ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge ynanylýar. Türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan “akylly” Arkadag şäherinde 340-a golaý bina we desgalar guruldy.

Hususy türkmen kompaniýalary ulag infrastruktura gurluşygy alyp barýar, muňa 600 kilometr uzynlygyndaky Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem mysaldyr.

Şeýle hem bar bolan önümçilik zolaklary bilen bir hatarda Aşgabadyň eteklerinde we Mary welaýatynyň çäginde täze senagat önümçilik zolaklaryny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Ýene-de okaň

“Oracle”-yň esaslandyryjylarynyň biri ilkinji gezek dünýäniň iň baý adamy boldy

Türkmenistanda ykdysady üstünlikleriň sergisi geçiriler

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Şarjada Türkmen–Emirlikler işewürler forumy geçiriler

Ata Watan Eserleri

Gazagystan Russiýanyň gazyny satyn almagy artdyrar

Tokaýew: Gazagystanda ýakyn wagtda nebit önümçiligi ýyllyk 100 mln tonna ýetiler