JEMGYÝET

Türkmenistanda 1180 raýatyň günäsi geçildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Şol mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Garaşsyzlyk baýramynyň 32 ýyllygy mynasybetli iş kesilen 1180 raýatymyzyň,günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine gatnaşýan hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen ähli adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öýlerine, maşgalasynyň ýanlaryna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Welaýat, etrap we beýleki ýolbaşçylara bolsa, günäsini geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyran döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlaryň bolsa zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşanlaryny goşmaklaryny arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri