JEMGYÝET

Türkmenistanda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna girişiler

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna girişmäge ak pata bermegini haýyş etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berýärin.

Döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşululardan pagta ýygymyna “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş edýändigini belledi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri