Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan brifinge daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
“Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan brifinginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow daşary ýurtly ilçilere möhüm halkara forumyň netijeleri barada maglumat berdi.
Foruma Aziýadan, Ýakyn Gündogardan, Afrikadan we Latyn Amerikasy yklymyndan ençeme ýurtdan we halkara guramalardan wekiliýetleriň gatnaşyp, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň dünýä bazaryna çykmagyna mümkinçilik berýän halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek, täze ulag geçelgelerini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda köp sanly plenar sessiýalarda özara pikir alyşmalar geçirendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen wideoýüzlenmesinde forumda kabul edilen çözgütleriň we teklipleriň Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 2024-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasyny düzjekdigi, Türkmenistanyň öz hyzmatdaşlary we pikirdeşleri bilen bilelikde öňde goýlan bu maksatlara ýetmek üçin aýgytly hereket etmäge taýýardygy barada beýan eden başlangyçlaryň örän möhüm bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow halkara forumyň çäklerinde birnäçe özara düşünişmek boýunça ähtnamalara we ylalaşyklara gol çekilendigini, hususan-da ulag pudagynda Türkmenistan bilen Russiýanyň, Moldowanyň, Gruziýanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça möhüm resminamalara gol çekilendigini mälim etdi.

TÜRKMENISTANDA 100-DEN GOWRAK ULAG-LOGISTIKA KOMPANIÝA DÖREDILDI
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki zaman şertlerinde möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň hem bu ugra aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň ulag we logistika ulgamyndaky işlerini işjeňleşdirmegiň çäklerinde ýurtda hususy köp sanly hususy ulag we logistika hyzmatlaryny berýän kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň döredilendigini belledi. Türkmenistan üçin logistika ulgamynyň täze dörän pudaklaryň biri bolup durýandygyna garamazdan, ozal ýük daşamalary we logistika babatda Türkmenistanyň çäginde daşary ýurtly kompaniýalar hereket edýän bolsa, häzirki ýerli türkmen kompaniýalarynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary berýändigini belledi.

Forumyň netijeleri Jemleýji Beýannamada berkidildi. Şol beýannamada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag infrastrukturalaryny kämilleşdirmek üçin ABŞ-nyň 0,51 trillion dollary möçberinde maliýe serişdeleriniň zerur bolup durýandygynyň bellenilendigi mälim edildi.
Maslahatyň hemme mejlisleri Birleşen Milletler Guramasynyň web-teleýaýlymynda onuň dört resmi dilinde — iňlis, fransuz, ispan we rus dillerinde göni ýaýlymda görkezildi, diýip brifingde bellenildi.
Şeýle hem brifingde BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 13-nji sentýabrynda açyljak 77-nji sessiýasynda Awazada kabul edilen Jemleýji Beýannamanyň ýaýradylmagy üçin degişli işler alnyp baryljakdygy mälim edildi.