JEMGYÝETSYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanda “Сovid-19” ýokanjyna garşy göreş güýçlendirilýär

Hormatly Prezidentimiz Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin haar beriş serişdeleriniň baş redaktorlary gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, mejlisiň barşynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri we Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň başlygy N.Amannepesow hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatda koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly dünýäde epidemiologik ýagdaýyň çylşyrymly bolup galýandygy, wirusyň täze görnüşleriniň döreýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň nobatdaky çärelerini geçirmek maksady bilen tabşyryklary berdi.

  • daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamaly, soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etdirmeli.
  • ilatyň arasynda “Сovid-19” ýokanjyna garşy sanjym etmegi we daşary ýurtlardan “Сovid-19”  ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almagy hökmany dowam etmeli.
  • serhet geçelgelerinde alnyp barylýan gözegçilik işlerini has-da güýçlendirmeli.
  • ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işlerini güýçli depginlerde hökmany dowam etmeli.
  • keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman, sarp ediş, anyklaýyş we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny döredip, olaryňüstüni hökmany dolduryp durmaly.
  • dünýä döwletlerindäki epidemiologiki ýagdaýy yzygiderli seljerip durmaly hem-de bu ugurda dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlgy dowam etdirmeli.
  • “Сovid-19” ýokanjynyň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda okuw sapaklaryny geçirmegi dowam etdirmeli.
  • ýurdumyzyň ähli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşini garamazdan ähli edara-kärhanalary Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň çözgütlerini gyşarnyksyz hökmany berjaý etmeli.
  • Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek baradaky adatdan daşary toparynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanyň Prezidentine yzygiderli hasabat berip durmaly.
  • Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýurdumyzyň ähli ilaty üçin zerur bolan sanjymlary satyn almak üçin gerek bolan serişdeleri bölüp bermeli.

 

18-nji iýunda ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Hytaý emeli adada dünýäniň iň uly howa menzilini gurar

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri