DÜNÝÄ

Türkmenistan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiň başlygy B.Myradowa Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý mejlisiniň çäklerinde guralan Zenan parlamentarileriň forumyna gatnaşdy.

Türkmen tarapy Forumyň işinde çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaçylygynda hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, gender deňliginiň üpjün etmek, ýaşlaryň işjeňligini artdyrmak we olary goldamak  babatda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti barada öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda gender deňligini üpjün etmek boýunça 2021–2025-nji ýyllarda hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen gazanylýan netijeler barada nygtady.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy