DÜNÝÄ

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 25-nji iýuny – 3-nji iýuly aralygynda ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň 33-nji Assambleýasy geçirildi.

Çäräniň çäginde ummanlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini çaklamak we deňiz gurşawyny goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tematiki ylmy sapaklar we ýörite duşuşyklar hem geçirilýär.

Mejlisiň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň direktory Myrat Atajanow, Türkmenistanyň ÝUNESKO-yň ýanyndaky hemişelik wekili, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Maksat Çaryýew, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Şertnama-hukuk departamentiniň işgäri Kemal Garaýew gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň işine işjeň gatnaşmak arkaly öz ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ösdürmegi, halkara ylmy dialogy çuňlaşdyrmagy we okeanlary hem-de deňizleri goramak bilen baglanyşykly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmagy maksat edinýändigi bellenildi.

Türkmenistan deňiz ekoulgamyny goramak, ylmy barlaglary ösdürmek we okeanografiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek boýunça halkara başlangyçlaryna yzygiderli ygrarlylygyny görkezýär. Şeýle hem, sebit üçin Hazar deňziniň aýratyn ähmiýeti göz öňünde tutulyp, deňiziň bioköpdürliligini goramak we deňiz serişdelerinden durnukly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi