JEMGYÝET

Türkmenistan ýokanç kesellere garşy göreşmek meýilnamasyny kabul etdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ýokanç kesellere garşy göreşmek baradaky meýilnamasynynyň kabul edilmegine bagyşlanyp metbugat brifingi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekili Ýelena Panowa, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa Sebit Merkeziniň baştutany Natalýa German, ÝHHG Aşgabatdaky merkeziniň Başlygy Natalýa Drozd bilen bir hatarda Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, daşary ýurtly ilçiler, ýerli we daşary ýurtly metbugat gulluklarynyň habarçylary gatnaşdy.

 

“Atavatan Turkmenistan” halkara žurnalynyň hem gatnaşan bu metbugat brifinginde şu gün hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň kabul edilendigi bellenilip geçildi.

Şeýle hem metbugat brifinginde Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adham Gebreýesusa iberen hatynda ilatyň saglygyny goramak we ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan görülýän çäreler baradaky maglumat Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edilendigi bellenilip geçildi.

Bu resminama BMG-niň resmi dillerinde çap edilip, bu Guramanyň ähli agza ýurtlarynyň arasynda resmi taýdan ýaýradyldy.

Bu metbugat brifingine dünýäniň 17 döwletinden 20-den gowrak daşary ýurtly habarçylar wideo konferensiýa arkaly gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty boýunça Konstitusion kanun taýýarlanar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 19-njy sentýabrda geçiriler

Raşid Meredow Waşingtonda Marko Rubio bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Wengriýanyň milli baýramyny gutlady

Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ilçihanasyna resminama tabşyrmagyň günleri köpeldildi

Arkadag lukmançylyk klasteri “Kids EXPO” sergisinde tanyşdyrylar