BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Abbas Aragçiniň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň ýyllyk duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy.
Duşuşykda guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda häzirki zaman ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, durmuş adalatlylygy, energetika howpszulygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak, sanlylaşdyrmak we beýleki ugurlarda strategiýalary işläp düzmegiň möhümdigini belledi.
Duşuşykda sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine, şeýle hem Owganystanyň ösüşine itergi berjek ulag we üstaşyr infrastrukturalary giňeltmek mümkinçiliklerine garaldy.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow öz çykyşynda birnäçe teklipleri öňe sürdi. Şonda sanly tehnologiýalar we elektrok söwda boýunça YHG-niň çarçuwaly ylalaşygyny işläp düzmek başlangyjy teklip edildi. Şeýle hem maglumat portalyny döretmek öňe sürüldi.
Energetika ulgamyndkay hyzmatdaşlyga hem üns berlip, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleri tebigy gaz we elektrik energiýasyny ibermegiň mümkinçilikleri giňletmäge taýýardygyny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň ýokary derejedäki duşuşyklary guramak mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutup, energetika we suw meselelerini çözmekde öňdebaryjy orun alyp biljekdigi bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistan tarapyny birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Hususan-da:
- Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça Birinji Forumyny guramaga atýýarlyk görmek
- Mary şäherini 2027-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň syýahatçylyk paýtagty yglan etmek
- 2024-nji ýylda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça toparyň 5-nji mejlisini geçirmek
- Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde serhetara söwda zolaklaryny döretmek.
Türkmen tarapy öz çykyşynda Owganystan bilen baglanyşykly meseleler boýunça çykyş edip, Türkmenistanyň ykdysady we ynsanperwer kömekleri bermek bilen Owganystana goldaw bermek babatda köptaraplaýyn tagallalara işjeň gatnaaşýandygy bellenildi.
Golaýda, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm wakalaryň bolandygyny bellenildi. Iki ýurduň serhedinde halkara derejesinde iri enrgetika, ulag we infrastruktura taslamalara badalga bermek we durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp baryldy.
– Serhetabat-Turgundi demirýolunyň ugru boýunça demirýol köprüsi ulanamga berildi.
– TOPH gaz geçirijisi üçin “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy.
– TOPH gaz geçirijisi boýunça Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişildi.
– Serhetabat-Hyrat ugry boýunça optiki-süýümli ulgamyň gurluşygyna başlandy.
– Turgundi gury portunda ambarlar toplumynyň gurluşygyna başlandy.
– Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň birinji tapgyrynyň çäklerinde Hyrat welaýatynyň Nur-el-Jihad elektrik satnsiýasy ulanmaga berildi.