JEMGYÝET

Türkmenistan Ýewropadan mineral serişdeleriň importyny artdyrdy

Şu ýylyň brinji ýarymynda Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan 7,64 million ýewrolyk mineral serişdeleri import etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründe 5,11 million ýewro barabar bolupdy. Bu barada Ýewropanyň Statistika býurosy habar berýär.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Ýewropadan satyn alan mineral serişdeleriniň möçberi geçen ýylyň ýarym ýylyndakydan 33,1 göterim artypdyr. Bu boýunça iň uly söwda geleşigi ýarym ýyllygyň ahyrynda – iýun aýynda hasaba alnypdyr. Şonda türkmen tarapy bahasy ýarym million ýewrodan köp bolan mineral serişdeleri satyn alypdyr.
Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan Türkmenistanyň importy şu ýylyň birinji ýarymynda 4 göterim ösüp, 221,5 million ýewro barabar bolupdyr. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 million ýewro köpdür.
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy yzygiderli ýokarlanýar. Bu göreziji 2021-nji ýylda 26 göterim ýokarlanypdyr.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri