BIZNES

Türkmenistan-Ýaponiýa: möhüm ylalaşyklar gazanyldy

Tokio şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetiniň 14-nji bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tokio şäherine bardy.

Türkmen tarapy duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň umumy ýagdaýy barada gysgaça syn berdiler. Birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýapon kompaniýalaryň gatnaşmagynda gazhimiýa we elektroenergetika ulgamynda iri desgalar ulanmaga berildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Ulag, elektrik, senagat, suw dolandyryşy, maliýe we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Mundan başga-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge üns berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet konsernleri bilen ýapon kompaniýalarynyň arasynda himiýa senagaty, gaz pudagy, ulag we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda  möhüm birnäçe resminamalar bukjasyna gol çekildi.

Bilelikdäki duşuşygyň netijelerinden soň teswirnama gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler