JEMGYÝET

Türkmenistan we Owganystanyň daşary işler ministrleri onlaýn duşuşdylar

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň halklarynyň, edil şonuň ýaly-da tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlary boýunça özarabähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyny aýratyn bellediler. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň koronawirusyň planetar ölçegde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigi we wagtydygyny bellenilip geçildi.

Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Bu ugurda türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatalarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Aşgabatda “Parahatçylyk, durnukly ösüş we migrasiýa” atly halkara maslahat geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len stra­te­gik gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýär

Da­şo­guz we Bal­kan we­la­ýat­la­ryn­da bug­daý ora­gy baş­lan­dy

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­tiniň Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry

Ata Watan Eserleri

Braziliýa 23-nji, Ekwador 5-nji gezek dünýä çempionatyna gatnaşar