BIZNES

Türkmenistan we Gyrgyzystan ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürer

Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we söwda ministri Daniýar Amangeldiýew Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nury Gollyýew bilen duşuşdy. Bu barada Gyrgyzystanyň degişli ministrligi habar berýär.

Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Daniýar Amangeldiýew iki ýurduň arasynda möhüm çäreleriň gurnalandygyny belläp, “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýol taslamasynyň gurluşygy barada maglumat berdi.

Iki ýurduň arasynda halkara ýük gatnamalary babatda netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada belläp geçen ykdysadyýet ministri Daniýar Amangeldiýew Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan we Hazar deňzi bilen beýleki ýurtlara çykmak üçin ulag geçelgesini ýola goýmagyň möhümdigini aýdyp, munuň sebitiň ulag-logistika mümkinçiligini ýokardyrmaga şert döretjekdigini belledi.

Şeýle hem senagat pudagyndaky hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy. Ilçi Nury Gollyýew hem öz gezeginde energetika, oba hojalygy pudagynky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýdyp, özara söwdanyň möçberiniň artýandygyna kanagatlanma bildirdi we Aşgabatda geçiriljek Maýa goýum forumy barada maglumat berdi.

Mundan başga-da, taraplar 2024-nji ýylyň 24-25-nji iýulynda Çolpon-Ata şäherinde geçirilen hökümetara toparynyň mejlisiniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp geçdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder