Gazagystanyň wise-premýeri Serik Žumangarin bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň arasynda Astana şäherinde duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynň çäklerinde amala aşyryldy.
Taraplar bu duşuşykda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Her iki tarap “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar ugruny işjeňleşdirýärler. Bu ugur Türkmenistan bilen Gazagystanyň üsti bilen ýükleriň üstaşyr Pakistana we Hindistana iberilmegine mümkinçilik berer.
2024-nji ýylyň iýulynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Eýranyň arasynda Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini ulgamlaýyn ösdürmek boýunça ýol kartasyna gol çekildi. Şeýle hem taraplar Transowgan demirýolunyň günbatar şahasynyň mümkinçiliklerindne peýdalanmak babatda ylalaşdylar.
Gazagystan Türkmenistan bilen bilelikde Owganystandaky Turgundi-Hyrat-Kandagar-Spin-Buldak demirýolunyň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär.
Bu gezekki duşuşykda Turgundi-Hyrat demirýolunyň gurluşygy barada pikir alşylyp, Turgundiniň üsti bilen Hytaýa ýükleri ibermegiň mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Taraplar Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran we Demirgazyk-Günorta ugur boýunça ähli bilelikdäki geçelgeler üçin bäsdeşlik nyrh şertlerini döretmek boýunça özara işleriň bardygyny bellediler, bu ýerde Russiýa Federasiýasy, Türkmenistan we Gazagystan gündogar şahasy boýunça bitewi logistika operatory döretmek barada ylalaşdylar.