DÜNÝÄ

Türkmenistan we Efiopiýa ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanýar

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasynyň Ulag we logistika ministri Alemu Sime Feýsanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklarda ünsi jemläp ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlaryň döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde aýratyn orun eýeleýändigi bellenildi. Şu nukdaýnazardan syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Diplomatlar halkara guramalarynyň, hususan-da BMG-niň çägindäki iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler. Afrika Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Efiopiýa tarapy bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini we üstünligini aýratyn belläp geçdi.

Taraplar parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlara ygrarlydyklaryny mälim etdiler we hyzmatdaşlygy bu ugurda dowam etdirmäge ylalaşdylar. Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ähmiýeti nygtaldy.

Ýene-de okaň

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy