BIZNES

Türkmenistan we “CNPC” kompaniýasy tebigy gaz hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasynyň ýurdumyzdaky şahamçasynyň ýolbaşçysy Çen Huaýlun bilen duşuşdy. Duşuşykda gaz pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen hem gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar nebitgaz ulgamynda alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşdylar.

Şeýle-de “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda Hytaýyň dünýä belli “CNPC” kompaniýasy bilen bilelikdäki işiň netijeli häsiýeti bellenildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň bu ulgamda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, dünýäniň esasy işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen şertlendirilendir. Şunuň bilen birlikde, geljegi uly türkmen bazarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin amatly hukuk, maliýe-ykdysady şertleriň döredilýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder