BILIM

Türkmenistan we Beýik Britaniýanyň wekilleriniň duşuşygy: bilim hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi

Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş müdirliginiň ýolbaşçysy hanym Sara Kuperiň ýolbaşçylygyndaky wekilýetii bilen duşuşygy geçirildi.

Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň barşynda Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşyk we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş müdirliginiň wekilýetine milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ýetilen sepgitleri we Türkmenistanda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilip, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýändigi babatda beýan edildi.

 

Duşuşykda Türkmenistanyň bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýagny iňlis dili mugallymlara ýörite hünär dersleri iňlis dilinde okatmak boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlarynyň, şeýle-de IELTS synaglaryň Türkmenistanda ornaşdyrylmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alyşyldy.

Şeýle hem bilim gurşawynda türkmen-britan hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary